«Apple» amerikan kompaniýasynyň paýnamalary ABŞ-da söwdalaşyklaryň jemleri boýunça 6,15 göterim arzanlady. Ýagdaý kompaniýa öz önümleriniň nyrhynyň gymmatlandan soňra emele geldi diýip, «ria.ru» ýazýar. «Apple» penşenbede özüniň Ipad planşetleriniň hem-de MacBook noutbuklarynyň nyrhlaryny mazaly gymmatlatdy, kompaniýa muny önümleriniň şaýlarynyň birbada gymmatlamagy bilen düşündirdi. Netijede, kompaniýanyň paýnamalary bir günde 6,15% pese gaçdy. 1976-njy ýylda döredilen «Apple» şahsy we planşet kompýuterleridir telefonlary, «akylly» sagatlary hem-de programma üpjünçiligini öndürýär.