11-nji sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. 26-njy iýunda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň başlyklyk etmeginde ykdysady geňeşiň 110-njy mejlisi geçirildi. Arkalaşyga agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary GDA-a agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň Ykdysady geňeşi Arkalaşygyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklaryň, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň we Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň erkin söwda zonasyny hem-de durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy kemala getirmek we onuň işlemegi baradaky çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän esasy ýerine ýetiriji edara bolup durýar. Ykdysady geňeşiň düzümine Arkalaşyga agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň orunbasarlary girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir