«Air Canada» awiakompaniýasynyň ýolagçy howa gämisi baş uçarmanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly Massaçusets ştatynyň Boston şäherinde gyssagly gonmaly boldy. Bu barada СВС teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi. Uçar Amerikanyň Nýu-Jersi ştatynyň Nýuark şäherinden Kanadanyň Galifaks şäherine uçdy. Uçuş wagty baş uçarman özüni ýaramaz duýdy, şondan soň uçary Bostonda gondurmak kararyna gelindi. Uçarman gyssagly hassahana ýerleşdirildi. «De Havilland Q400» uçarynda 61 ýolagçy bardy, ejir çekenler ýok.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir