Zimbabweniň parlamentiniň ýokary palatasy Prezidentiň ygtyýarlylyk möhletini bäşden ýedi ýyla çenli uzaltdy. Bu häzirki döwlet Baştutany Emmerson Mnangwä 2030-njy ýyla çenli wezipede galmaga mümkinçilik berer diýip, «Reuters» habar berdi. Resminama üçin senatorlaryň 75-si goldap ses berdi, dört senator garşy çykdy. Şeýlelikde, Konstitusiýa degişli düzediş girizmek üçin zerur bolan mümkinçilik alyndy. Kanun taslamada Prezidentiň göni saýlawlaryny ýatyrmak hem göz öňünde tutulýar, geljekde döwlet Baştutany parlament tarapyndan saýlanar. Mnangagwa gol çekenden soňra resminama güýje girer. Emmerson Mnangwe 2017-nji ýyldan bäri döwlete baştutanlyk edýär. Tankytçylar täze kanun taslamany Mnangagwanyň häkimiýetde uzak saklanmagy üçin kabul edilendigini, tarapdarlary bolsa, munuň ýurtda syýasy durnuklylygyny berkitjekdigini aýdýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir