Warner Bros. Animation meşhur gahrymanlar — pişik Tom we syçanjyk Jerri barada täze doly metražly animasiýa filmi döredýär. Bu barada taslamanyň ssenariýsiniň awtory Will MakKormak habar berdi — diýip, championat.com neşiri ýazýar. Filmiň sýužetine görä, Tom bilen Jerri täze eýelere — biri-birini söýýän ýaş jübüte düşýärler. Şondan soň pişik bilen syçanjyk olaryň gatnaşyklaryny bozmak üçin güýçlerini birleşdirýärler. MakKormak filmi romantik komediýa hökmünde häsiýetlendirip, ony «La-La Lend» atly Oskar baýragyna mynasyp bolan sazly film bilen deňeşdirýär. MakKormak ssenariýniň üstünde Raşida Jons bilen bilelikde işleýär. Filmiň çykjak senesi we taslama baradaky beýleki maglumatlar häzirlikçe mälim edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir