Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri awstraliýaly Jozef MakGreýl-Beýtsi dünýäde iň gaty sesli adam diýip ykrar etdiler. Kanberry şäheriniň 58 ýaşly ýaşaýjysy «häzir» diýen sözi 122,4 desibel güýji bolan sesde gygyryp, dünýä rekordyny goýdy. Bu derejedäki ses işleýän zynjyrly byçgynyň, «Tiz kömek» ulagynyň gygyryp golaý aralykdan geçip barýarka ýa-da uçup barýan reaktiw uçaryň sesine deňdir. Bu barada «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Täze rekord 1994-nji ýylda Demirgazyk Irlandiýadan Annaliza Flanagan atly zenanyň 121,7 desibel rekordyndan hem ozdy. Jozef MakGreýl-Beýts onuň dünýäde iň gaty sesli zenandygyny, özüniň iň çirkin sesli erkekdigini aýtdy. Ol şeýle-de özüniň rekord goýmak üçin ýörite taýýarlyk geçmändigini, ýedi gezek synanyşanda birnäçe günläp sesiniň gyrlandygyny gürrüň berdi. Jozef MakGreýl-Beýts kondisionerleri arassalaýjy bolup işleýär, ol Awstraliýada Kanberry şäheriniň resmi şäher jarçysy hökmünde-de bellidir. Ol bu hormatly wezipäni 2017-nji ýyldan bäri eýeläp gelmek bilen, jemgyýetçilik çärelerinde, mekdep baýramçylyklarynda we festiwallarda yzygiderli çykyş edýär.