16-njy maýda Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähinde we Özbegistanyň Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde ýakynda Özbegistanda geçirilen «Gündogaryň merjeni» atly halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolan atşynaslaryň hem-de çapyksuwarlaryň hormatynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyna, atşynaslara we bedew janköýerlerine Gutlag ýollapdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň ýeňijilerini, özbek we türkmen atşynaslaryny gutlady. Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, «Ýaryşlarda ýokary ussatlyk, gaýratlylyk we milli däp-dessurlara ygrarlylyk görkezip, ýokary netijeleri gazanan ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänleri tüýs ýürekden gutlaýaryn!» diýlip, Gutlagda bellenilýär. Özbegistanyň Prezidenti öz Gutlagynda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlaryň we ýeňijileri sylaglamak dabarasynyň iki halkyň ruhy bitewüliginiň mundan beýläk-de berkemegine hyzmat etjekdigine ynam bildirýär. Mundan başga-da, Gutlagda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli bilen halkara giňişlikde ýokary abraýa eýedigi, ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen bir hatarda, tutuş sebitiň milli mirasy bolup durýandygyna üns çekilýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýär. «Özbek-türkmen dostlugy ebedi we berk bolsun!» diýip, Özbegistanyň Prezidenti Gutlagyny jemleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir