Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler. Ýokary derejeli myhmanlar toplum bilen tanyşlygyň öňýanynda Tatarystanyň kärhanalarynyň oba hojalyk we azyk önümleri görkezilýän ýöriteleşdirilen sergisini synladylar. Rustam Minnihanow we Gurbanguly Berdimuhamedow «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Kazan» atçylyk-sport toplumynyň işi bilen tanyşdyryldy, şeýle hem bu ýerde çapyksuwarlaryň görkezme çykyşlary boldy. Rustam Minnihanow we Gurbanguly Berdimuhamedow «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, şu günler Kazanda Russiýanyň sebitlerinden, şol sanda Tatarystandan, şeýle-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlardan — Türkmenistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen iň güýçli çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda ýaryşlar geçirilýär. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşandygyny habar beripdik.