Halal zähmet diňe bir eklenç çeşmesi bolman, eýsem ynsanyň ruhy dünýäsini we ahlak keşbini kemala getirýän iň uly mekdepdir. Ösüp gelýän ýaş nesil üçin halal zähmetiň gadyr-gymmatynyň çuňlugyna düşünmek, olaryň geljekde kämil şahsyýet bolup ýetişmekleriniň esasy şertidir. Halal gazanç bilen taplanan durmuş adama ruhy rahatlyk, özüňe bolan ynam we jemgyýetde mynasyp orun berýär. Ýaşlaryň aňyna zähmetiň mukaddesdigini, her bir däne nanuň we gazanylan her bir manadyň arkasynda uly yhlasyň hem-de arassa niýetiň ýatmalydygyny guýmak, olary geljekki durmuşyň kynçylyklaryna garşy durnukly edýär. Halal zähmet çekýän ýaş şahsyýet öz güýjüne we ukybyna bil baglamagy öwrenýär, bu bolsa ony asuda durmuşyň we hakyky bagtyň gapysyna alyp barýar. Haramdan daşda durup, diňe öz maňlaý deriň bilen gazanan ryzkyň bereketi üýtgeşikdir; ol adamyň kalbyna nur, işine bolsa rowaçlyk getirýär. Ýaşlaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak, olara zähmetiň adamy bezeýän iň gowy sypatdygyny düşündirmek zerurdyr, sebäbi halal zähmet bilen meşgullanýan ynsan hiç wagt ýaman ýollara sowulmaz, gaýtam öz Watanyna, halkyna we maşgalasyna peýdaly bolmaga çalşar. Ýaş nesillere "Zähmet soňy — rähnet" diýen pähimiň manysyny amaly işlerde görkezmek möhümdir. Eger ýaşlar öz hünärini söýüp, oňa ak ýürekden wepaly bolsalar, olar diňe bir öz maşgalalaryny däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ykdysady we ruhy kuwwatyny artdyrmaga goşant goşarlar. Şeýle hem, zähmet adamyň ukyplarynyň açylmagyna, zehininiň ýüze çykmagyna we sabyrlylyk, durnuklylyk, jogapkärçilik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Ýaltalykdan we taýyn tamalykdan daşda duran ýaşlar durmuşda elmydama beýik sepgitlere ýetýärler, sebäbi halal zähmet her bir üstünligiň sarsmaz binýadydyr. Arassa zähmet çekýän adamyň abraýy hemişe belentdir, onuň guran ojagynda bereket, ösdürip ýetişdirýän nesillerinde bolsa asyllylyk bolar. Şuňa görä-de, her bir ýaş ýigit we gyz öz geljegini halal zähmet bilen gurmagy durmuş şygaryna öwürmelidir, sebäbi diňe zähmet bilen gazanylan mertebe hemişelikdir we iň süýji miwedir. Zähmet adamy diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem akyl we ruhy taýdan hem baýlaşdyrýar, ony jemgyýetiň hakyky sütünine öwürýär. Ösüp gelýän ýaşlar üçin iň uly baýlyk — olaryň ýaşlyk energiýasyny dogry we halal ýolda ulanmagydyr. Biz olara zähmetiň adamy bezeýän iň gözel gymmatlykdygyny, zähmet çekmeýän adamyň özüni we jemgyýeti ösdürip bilmejekdigini dowamly düşündirmelidiris. Her bir halal gazanylan manatda adamyň şahsyýeti, mertebesi we geljegi ýatyr. Öz zähmetiň miwesini dadyp görmekden uly şatlyk ýokdur. Bu şatlyk adamyň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, ony täze sepgitlere ruhlandyrýar. Halal zähmet bilen kemala gelen nesil bolsa Watanyň iň uly buýsanjy we geljegidir. Halal gazanç maşgalada agzybirligi, çagalarda bolsa asyllylygy terbiýeleýär. Atalarymyzyň "Işlemedik dişlemez" diýen sözi ýöne ýere aýdylmandyr. Bu sözüň aňyrsynda uly many we durmuş hakykaty ýatyr. Ýaşlarymyzyň her biri zähmetiň gadyryny bilip, ony özüne mukaddeslik hökmünde kabul etse, biziň jemgyýetimiz has-da galkynar we bagtyýar bolar. Halal zähmet — bu bagtyň açary, abraýyň gözbaşy we kämil durmuşyň sarsmaz binýadydyr. Halal zähmet çekmek we halal gazanç bilen ömür sürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren iň mukaddes atababa ýörelgeleriniň biridir. Biziň pederlerimiziň durmuş pelsepesinde "Zähmet — ynsanyň zynaty" diýen düşünje merkezi orunda durup, ol ýaş nesillere diňe bir fiziki işjeňlik däl, eýsem ruhy tämizligiň ýoly hökmünde öwredilipdir. Atababalarymyz "Haram iýen haýyr tapmaz" diýen pähime berk eýerip, çagalaryna entek gundakdaka "Maňlaý deriň bilen gazanylan bir döre nan, haram ýol bilen gelen hazynadan gymmatlydyr" diýen sargydy gulaklaryna guýupdyrlar. Pederlerimiziň miras goýan "Elin işlese, agzyň dişlär","Hünärli ýigit hor bolmaz", "Işlemedik işlemez" ýaly nakyllary ýöne bir sözler däl-de, eýsem durmuşyň synaglaryndan geçen uly hakykatlardyr. Halal zähmetiň we maňlaý deriniň mukaddesligi baradaky rowaýatlar biziň ruhy dünýämiziň sarsmaz binýady bolup, olar ösüp gelýän ýaşlar üçin iň uly durmuş sapagydyr. Pederlerimiziň bizden islegi diňe bir işlemek däl, eýsem şol işi ak ýürekden, nebis goşman we hiç kimiň hakyna dözmezden berjaý etmekdir. Gadymda bir patyşanyň öz ogluna beren terbiýesi bu barada iň täsirli mysallaryň biridir. Patyşa oglunyň geljekde halkyna adyl we işeňňir ýolbaşçy bolmagyny isläp, oňa her gün bir tylla gazanyp gelmegi tabşyrýar. Ogly bolsa işlemekden gaçyp, ejesiniň beren taýyn tyllasyny her gün kakasyna getirip berýär. Patyşa tyllany alyp, ony derrew suwa taşlaýar we ogluna: "Muny sen gazanmadyň" diýýär. Ogly muňa hiç hili gynanman seredip durýar. Emma bir gün ejesi pul bermäninde, ogly mejbur bolup sedekä çenli agyr ýük daşaýar, maňlaý deri dökülýär, elleri gabarýar we zordan bir tylla gazanýar. Kakasy şol tyllany hem suwa taşlamaga hyýallananda, ogly kakasynyň elinden berk ýapyşyp: "Kaka, dur! Men muny gazanjak bolup günuzyn bilimi bükdüm, ellerim gabardy, maňlaý derim döküldi, oňa nädip dözýärsiň?" diýip aglaýar. Şonda patyşa: "Ine, oglum, indi sen halal zähmetiň gadyryny bildiň, öz zähmetiň bilen gazanan zadyň janyňdan bir bölekdir" diýip, ony bagryna basýar. Bu rowaýat ýaşlara taýyn tamalygyň adamy gadyrsyzlandyrýandygyny, diňe çekilen zähmetiň ynsana hakyky mertebe berýändigini subut edýär. Ýene bir rowaýatda bir pähimdar garry atamyz ölmezinden öň ogullaryny ýanyna çagyryp: "Ogullarym, men size tarlanyň içinde uly hazyna gömdüm, ony tapyň" diýýär. Ogullary kakasy ýogalandan soň, hazynany tapmak üçin tarlanyň her bir daban ýerini gazyp çykýarlar. Hiç zat tapmansoňlar, "gazylan ýer zaýa bolmasyn" diýip, bugdaý ekýärler. Şol ýyl şeýle bir bol hasyl alýarlar welin, ogullary uly baýlyga eýe bolýarlar. Şonda olar kakasynyň "hazyna" diýeniniň altyn-kümüş däl-de, eýsem işlenilen ýer we halal zähmet ekenine düşünýärler. Ýene bir rowaýatda bolsa, bir bagban garrynyň eken miweli agaçlarynyň syry barada aýdylýar. Gojaman garry ömrüniň ahyryna çenli bag ekýär. Ondan: "Siz bu agajyň miwesini iýip ýetişmersiňiz, näme üçin beýle köp zähmet çekýärsiňiz?" diýip soranlarynda, ol: "Ata-babalarymyz ekdi — biz iýdik, indi biz ekeris — nesillerimiz iýer" diýip jogap berýär. Bu bolsa halal zähmetiň diňe bir özüň üçin däl, eýsem bütin adamzat we geljekki nesiller üçin edilen iň uly sowgatdygyny, sogaply işdigini aýdyňlaşdyrýar. Zähmet çekýän ýaşlaryň ruhy tämiz bolýar, sebäbi halal gazanç adamyň ganyna we janyna siňende, onuň häsiýetinde diňe gowulyklar, pespällik we wyždan arassalygy kemala gelýär. Ýaltalygy we haramy özüne ýar edinenler bolsa wagtyň geçmegi bilen hem maddy, hem ruhy taýdan garyplaşýarlar. Şonuň üçin ýaşlar her bir işe girişenlerinde pederlerimiziň "Bismilla" bilen başlan halal ýollaryny ýatlamaly, her bir gazanan garyş ýerini, her bir okap öwrenen ylmyny halal zähmet bilen suwarmalydyrlar. Halallyk türkmen üçin iň uly baýlykdyr we bu baýlyk nesilden-nesle geçýän, hiç wagt könelmeýän iň gymmatly hazynadyr. Häzirki döwürde, tehnologiýalaryň we ylmyň çalt ösýän zamanasynda halal zähmetiň orny has-da ähmiýetli bolup durýar. Sebäbi maddy baýlygyň dürli ýollar bilen elýeterli bolup görünýän döwründe, wyždan arassalygyny we ruhy tämizligi saklap galmak ynsanyň iň uly üstünligidir. Halal zähmet häzirki döwürde sosial durnuklylygyň we döwlet ösüşiniň esasy şertidir. Her bir raýat öz ornunda dogruçyl we netijeli zähmet çekse, bu tutuş ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we jemgyýetde adalatlylyk duýgusynyň berkemegine alyp barýar. Jemläp aýdanymyzda, häzirki döwürde halal zähmet çekmek — bu zamananyň öňde goýan talaplaryna mynasyp jogap bermekdir, öz taryhy kökleriňe we atababa ýörelgeleriňe wepaly bolmakdyr. Diňe maňlaý deri we akyl zähmeti bilen gazanylan üstünlik durnuklydyr we bakydyr. Halal zähmet — bu biziň geçmişimiz bilen geljegimizi baglanyşdyrýan altyn köpür bolup, ol häzirki döwürde hem her bir ynsanyň durmuş ýoluna nur saçýan iň uly gymmatlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň saýasynda ýaşlarymyzyň halal zähmet çekmegi, kämil ylym-bilim almagy we milli ýörelgelerimize wepaly bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredip berýär. Türkmenistanyň ösüşi we halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarmyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa

Edebiýat, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir