28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar halkara we sebit düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygyny, esasan-da, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanylmagyny aýratyn nygtap geçdi. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde nebitgaz, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we syýahatçylyk pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy we iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de işewürleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyklygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyp, diplomatlar bar bolan şertnama-hukuk binýadynyň ähmiýetini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ulag, bilim, ylym we daşary syýasat ugurlary boýunça täze ikitaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin dialogy işjeňleşdirmek barada ylalaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir