​ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi. ​«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, dollaryň «Bloomberg Dollar Spot Index» görkezijisi sişenbe güni 0,4% aşaklap, 2022-nji ýylyň martyndan bäri iň pes derejesine ýetdi. ​Dollaryň kursunyň peselmegi baradaky soraga Tramp: «Men şeýle bolmagyny isleýärin — [dollara] adalatly bolar ýaly öz derejesini tapmaga pursat bermeli», — diýip jogap berdi. «Men ony ýo-ýo oýunjagy ýaly ýokary galdyryp ýa-da aşak düşürip bilerdim», — diýip ABŞ-nyň Prezidenti şeýle ssenariniň amatsyz boljakdygyny nygtady. ​Amerikan walýutasy eýýäm bassyr dördünji gün arzanlaýar, iň uly peselme bolsa ýapon ýenasyna görä bolup geçdi. Ak tamyň ýolbaşçysynyň beýanaty «grinbegiň» (dollaryň) satylmagyny has-da güýçlendirdi. Şunuň bilen birlikde, bilermenler beýleki dünýä walýutalarynyň — ýewronyň we funt sterlingiň gymmatlaýandygyny belleýärler. ​«Bloomberg-iň» habar berşine görä, dollar bilen işleýän treýderler 2011-nji ýyldan bäri walýutanyň has-da gowşamagyna iň uly stawkalary goýýarlar. Agentlik diňe bir bazaryň gysga möhletli gatnaşyjylarynyň däl, eýsem dollaryň uzak möhletleýin geljegine baha berýän maýadarlaryň arasynda hem ikirjiňlenmeleriň artýandygyny belleýär. ​«ABŞ-nyň öňünden çaklap bolmaýan syýasaty dollaryň kursuna aç-açan oňaýsyz täsir edýär» diýip, «Danske Bank A/S»-iň uly analitigi Ýesper Fýarstedt aýtdy. ​Mundan başga-da, «Fox News» telekanalyna beren interwýusynda Tramp import paçlarynyň (gümrük tölegleriniň) girizilmegi netijesinde ABŞ-nyň 600 milliard dollar alandygyny we şolaryň saýasynda ýurduň söwda defisitiniň 77% azalandygyny habar berdi. ​Şeýle hem ol, eger söwda hyzmatdaşlaryna garşy girizilen paçlar ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti tarapyndan ýatyrylsa, olara çalşyrgyç tapjakdygyny sözüne goşdy. «Biz şol bir zady etmegiň başga bir ýoluny taparys. Ýöne ol beýle amatly bolmaz», — diýip amerikan prezidenti duýdurdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir