Nvidia kompaniýasy howa şertlerini iki hepde öňünden takyk çaklamak üçin niýetlenen, açyk kodly "Earth 2" ulgamyny işe girizdi. Bu platforma meteorologik maglumatlaryň işlenilmegini çaltlaşdyrmak üçin birnäçe emeli aň modelini özünde jemleýär. Olaryň biri — "Earth 2 Medium Range" — "Google DeepMind" kompaniýasynyň "GenCast" ulgamyndan 70-den gowrak görkeziji boýunça has gowy netije görkezýär. Nvidia-nyň klimat modelleşdirmesi boýunça direktory Maýk Pritçardyň belleýşi ýaly, "Medium Range" gerimi giňeldilip bilinýän "Atlas" arhitekturasyna esaslanýar. Ol "dünýäniň islendik nokadynda işläp bilýär" we çylşyrymly, dar ugurly modellerden has uniwersal çemeleşmä geçilmegini aňladýar. Şeýle hem, "Earth 2-niň" düzümine "Nowcasting" we "Global Data Assimilation" ulgamlary girýär: Nowcasting: 0-dan 6 sagada çenli döwür üçin gysga möhletli çaklamalary düzýär. Bu bolsa tupanlara we beýleki howply tebigy hadysalara gözegçilik etmekde örän möhümdir. Model geostasionar hemralardan alynýan maglumatlary ulanýar we hemra aragatnaşygy ýeterlik bolan sebitlerde ulanylyp bilner. Global Data Assimilation: Meteorologik stansiýalardan we aerostatlardan maglumatlary ýygnaýar hem-de planetanyň atmosferasynyň ýagdaýynyň üznüksiz şekilini döredýär. Eger ozal şeýle maglumatlary işlemek superkompýuterlere düşýän agramy 50%-e çenli artdyran bolsa, häzir Nvidia GPU-larynda bu iş bary-ýogy birnäçe minut wagty alýar. Mundan başga-da, platforma "CorrDiff" we "FourCastNet3" modellerini öz içine alýar, şeýle-de ECMWF, "Microsoft", "Google" we beýleki guramalaryň açyk taslamalaryny goldaýar.