Nemes entomologlary Gazagystanyň günorta-gündogarynda arynyň täze görnüşini tapdylar. Ol mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda, Ysraýylda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda duş gelýän sekiz görnüşi bilen tanalýan Planiandrena aşaky jynsynyň dokuzynjy wekili boldy. Ary 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Almata oblastynyň Tamgaly obasyndan takmynan bäş kilometr demirgazyk-günbatarda, sähra zolagyndan tapyldy. Tapylan senesi Nowruz baýramynyň başlangyjyna gabat gelýändigi sebäpli, arynyň bu görnüşine aequinoctialis (latynça manysy «gije-gündiziň deňleşmegi») diýlip at berildi. Ylmy makalanyň awtorlary: «Bu tapyndi pes temperaturalary we salkyn gülleri gowy görýändigi bilen tanalýan Andrena jynsynyň köpdürlüligini doly häsiýetlendirmek üçin, Merkezi Aziýa sebitlerinde irki gözlegleri geçirmegiň zerurdygyny subut edýär» diýip bellediler. Ary sährada bahar paslynda köpçülikleýin gülleýän leýligüller maşgalasyna degişli Gagea bulbifera ösümliginiň üstünden ýygnaldy. Täze görnüşiň urkaçysynyň göwresi hut şu ösümligiň tozany bilen örtülendi. Alymlaryň bellemegine görä, Merkezi Aziýadaky Planiandrena görnüşleri köplenç ir gülleýän sogan we kök sapakly ösümlikler bilen baglanyşyklydyr, olaryň Ýakyn Gündogardaky kowumdaşlary bolsa agaçlaryň üstünde has köp duş gelýärler. Mundan ozal sebitdäki andrenalar boýunça esasy hünärmen alym Anna Osyşnýuk bolupdy. Ol 1980-nji ýyllarda hut Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan alnan maglumatlaryň esasynda Planiandrena aşaky jynsyny ylmy taýdan bölüp görkezipdi. Andrena jynsy dünýäde arylaryň arasynda sany boýunça ikinji orunda durýar — onuň 1700-den gowrak görnüşi bar. Merkezi Aziýadaky bu arylaryň faunasy entek doly öwrenilmedi we täze görnüşleriň tapylmagy dowam edýär. Täze görnüşiň ylmy beýany Tomas Wud we Ýan Şmerbah tarapyndan ýöriteleşdirilen ylmy entomologiýa žurnalynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir