Arheologlar Merkezi Ispaniýada, gelip çykyşy häzirki Fransiýanyň çäklerine degişli bolan we tapylan ýerinden 700 kilometrden gowrak uzaklykdan getirilen daş gurallaryny tapdylar. Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilişi ýaly, bu aralyk Ýewropanyň paleolit döwri üçin daş gurallarynyň daşalan iň uzak aralygy hökmünde tassyklanylýar. Taryhy gymmatlyklar Madridden takmynan 100 kilometr demirgazykda ýerleşýän Penýa-Kapon gaýa asty düşelgesinden tapyldy. Radiouglerod seljermesi bu tapyndylaryň mundan 25,3–23,9 müň ýyl ozalky döwre — soňky buzlaşma döwrüniň iň sowuk tapgyrlarynyň birine degişlidigini görkezdi. Tapyndylaryň agramly bölegi ýerli daşlardan ýasalan bolsa-da, bäş sany gural Pireneý daglarynyň aňyrsyndan alnan ýaşma şekilli çakmak daşyndan ýasalypdyr. Himiki seljerme daşlaryň gelip çykan ýerleriniň Fransiýadygyny tassyklady. Hil we hyzmat ediş nukdaýnazaryndan bu önümleriň ulanylýan ýerli gurallardan üýtgeşik bir artykmaçlygy ýok. Bu bolsa olary uzakdan getirmegiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Barlagçylaryň çaklamasyndan çen tutsaň, bu gurallaryň ýadygärlik hökmünde, şeýle-de awçy-ýygnaýjy toparlaryň arasyndaky durmuşy gatnaşyklary saklamak üçin ulanylan bolmagy mümkin. Tapyndylaryň ýaşy şeýle gatnaşyklaryň 1 müň ýyldan gowrak wagtlap dowam edendigini görkezýär. Şunlukda alymlar örän sowuk howa şertlerinde giň gerimli durmuş torlary çaklaňja we işjeň jemgyýetlere ýaşamaga, maglumat we serişde alyşmaga kömek edendir diýlen netijä geldiler. Täze maglumatlar buzlaşma döwründäki Ýewropada uzak aralyklar bilen saklanan gatnaşyklaryň gerimi baradaky düşünjeleri-de giňeldýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir