Arheologlar Gündogar Aziýada iň gadymy çylşyrymly daş gurallaryny ýüze çykardylar. Bu täze tapyndy sebitiň tehnologik taýdan yza galandygy baradaky öňki garaýyşlary şübhe astyna alýar. Bu barada "Nature Communications" žurnalyndaky ylmy işde aýdylýar. Häzirki wagta çenli daş asyrynyň esasy tehnologik täzelikleri Afrikada we Günbatar Ýewropada ýüze çykypdyr, Gündogar Aziýada bolsa olar gijräk emele gelipdir diýlip hasaplanýardy. Henan welaýatynyň Dansýankou suw howdanynyň golaýyndaky Sigou ýerinden tapylan täze tapyndylar bolsa düýbünden başga garaýşy öňe sürýär. Arheologlar mundan 160-72 müň ýyl ozalky döwre degişli bolan 2601 sany daş bölegini tapdylar. Tapyndylaryň köpüsi 50 millimetrden kiçi bolup, olar kwarsdan we kwarsitden ýasalypdyr. 22 sany desganyň ýüzünde olaryň agaç sapa birikdirilendiginiň yzlary anyklandy, bu bolsa düzme gurallaryň ulanylandygyny subut edýär. Seljermeler bu sebitde on müňlerçe ýyllaryň dowamynda gurallary ýasamak üçin şol bir tehnologiýanyň ulanylandygyny görkezdi. Bu bolsa dowamly we üznüksiz ýerli däp-dessuryň bolandygyny aýtmaga esas döredýär. Käbir alymlaryň pikiriçe, agzalan döwürde Gündogar Aziýada denisowlylar (gadymy adamlar) ýaşan bolmagy mümkin. Eger bu şeýle bolsa, tapyndy olaryň tehnologik mümkinçilikleri baradaky düşünjeleri ep-esli giňeldýär.