Mançesterli iki ýaşly oglanjyk Jud Ouens bilýardyň snuker oýnunda iki sany çylşyrymly urgyny ýerine ýetiren iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Jud «pool» urgusyndan soňra topy yzyna bökdürmek (bounce shot) tärini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ondan bary ýogy bäş hepde öň, ýagny 2 ýaş 261 günlük wagty, oglanjyk «duplet» (toplaryň biri-birine degip meýilnamalaşdyrylan gaba düşmegi) urgusyny amala aşyrypdyr. Bu görkezijiler oňa resmi taýdan hasaba alnan iki rekordy we neşiriň bütin taryhynda iň ýaş «goşa rekord eýesi» diýen ady getirdi. Kiçijek Juduň şeýle ukybynyň bolmagyna snuker oýnuna höwesjeň kakasy Lýuk Ouens sebäp bolupdyr. Kakasy oglunyň täsin rekordy hakda: «Ol başdan kiýi (bilýard taýagyny) ynamly tutdy, soňam göwnübir ýaly taýagy barmaklarynyň arasyna gysdyrdy-da, hemme zat öz-özünden ýöredi gidiberdi» diýip gürrüň berýär. Boýunyň kiçiligi sebäpli, oglanjyk oýnan mahaly ilki uzyn oturgyçlary ulanan bolsalar, indi ol aşhana taburetkasyndan peýdalanýar. «Bu ýaşda bir däl, eýsem iki sany dünýä rekordyna ýetmek — bu, ähtimal, iň ýokary ýeňişdir. Mundan artyk näme bolup biler?!» diýip, Lýuk Ouens buýsanç bilen gürleýär. Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, Jud eýýäm Beýik Britaniýa çempionatyna ýörite çakylyk aldy we snukeriň taryhynda hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşan iň ýaş türgen boldy. «Men snuker oýnap başlanymda 10 ýaşymdadym. Jud bolsa 2 ýaşynda oýnap başlady. Görüp otursam, onuň ukyby meniňkiden ýiti» diýip, kakasy boýun alýar. Ikisi bäsleşse kimiň ýeňjegi baradaky soraga bolsa, Jud ynam bilen: «Men!» diýip jogap berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir