Mercedes-Benz kompaniýasy AMG bölüminiň iň täze modeli hasaplanýan täze sport kupesiniň ilkinji resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu ulagyň eksklýuziw Mythos seriýasynyň ikinji modeli boljakdygy tassyklanyldy. Onuň resmi tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi. Resmi däl maglumatlara görä, kupe CLE platformasynda gurlupdyr we täze sekiz silindrli (V8) hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Daşky görnüşi boýunça model adaty CLE-den düýpli tapawutlanýar: ol has kämilleşdirilen howa giriş ulgamy bolan täze öň bamper, yzky uly ganat (anti-krylo), giňeldilen teker diskalary we trapesiýa görnüşli gaz çykaryş turbajyklary bilen tapawutlanýar. Bu jikme-jiklikler awtoulagyň täze V8 motory bilen üpjün ediljekdigine gönüden-göni däl subutnamadyr. Täze gurluşly sekiz silindrli herketlendirijiniň ýakyn günlerde tanyşdyryljak täzelenen S-Class-yň hereketlendirijiler toplumynda hem peýda boljakdygy tassyklanyldy. Çaklamalara görä, bu agregat soňra ikinji Mythos modeline hem gurnalar we onuň kuwwaty 650 at güýjünden geçip biler. Suratlardaky käbir aýratynlyklar kupeniň diňe yzky tekerler arkaly hereketlendiriljekdigini görkezýär. Mythos seriýasynyň ilkinji modeli bolan PureSpeed 2024-nji ýylda görkezilipdi. AMG SL modeliniň esasynda döredilen bu awtoulag düýpli özgerdilen kuzowa we 585 at güýjüne eýe bolan 4,0 litrlik V8 motoryna eýedi. Spidsteriň önümçiligi 250 birlik bilen çäklenipdi, şonuň üçin täze kupeniň hem çäkli sanda öndürilmegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir