Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň batly gadamlaryny nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz barha ösýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy has-da arşa galýar. Berkararlygyň binýadynda, bagtyýar zamanamyzyň goýnunda türkmen halkymyz abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşaýar. Ýurdy ösdürmegiň esasy görkezijisi bolan ykdysadyýetiň ugurlaryna has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy, pudaklaryň, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy, senagat pudaklarynyň depginli ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz täze keşbe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine uly üns berýär. Çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan möhüm sütündir. Obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ajaýyp miwesidir. Döwletimiz oba hojalyk işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap, kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumçylyk serişdeleri we mineral dökünler bilen üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde her ýylda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berilýär. Wajyp senagat toplumlary, medeni-durmuş düzümine degişli desgalar, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär. Oba zähmetkeşleri alada jogap hökmünde täze zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen Watanymyzyň ykdysady taýdan pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň möhüm wezipeleri göz öňünde tutulýar. Onda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatdaky wajyp meselelere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy babatda hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribäniň öwrenilmegi hem-de birleşdirilmegi möhüm ýagdaýdyr. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky bitarap türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňişleri biziň ählimiziň saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Halkymyzyň baýlygydyr. Pursatdan peýdalanyp, zähmetsöýer daýhanlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şeýle tutumly başlangyçlary bilen ýurdumyzy bagtyýarlyga besleýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir