Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Resminama gol çekmek dabarasy 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýewiň uniwersitetiň rektory Salem Nasser Al-Naiminiň ýolbaşçylygyndaky Kataryň wekiliýeti bilen duşuşygynyň çäklerinde boldy. Baglaşylan ylalaşyk bilelikdäki ylmy-gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyş-çalyş maksatnamalaryny guramak, şeýle-de döwrebap tehnologiýalar ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek üçin hukuk binýadyny emele getirýär. Kataryň wekiliýeti saparyň dowamynda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen hem gepleşikleri geçirdi. Türkmen tarapy sanly ulgamlar, inženerçilik ugurlary, maglumat howpsuzlygy we innowasion okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada başlangyçlary hödürledi. Kataryň wekiliýeti teklip edilen taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu sapar Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylda Doha şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň dowamy boldy. Strategik hyzmatdaşlyk innowasion ösüşe we bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir