Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitçileri, gazçylary we geologlary Türkmenistanda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany pudagyň işgärleriniň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýe boldy diýip, Serdar Berdimuhamdow aýtdy. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagy, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijileri, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezildi. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň TOPH taslamasynyň möhüm böleginiň — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlydygymyzyň nobatdaky mysalyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutany nygtady. Türkmen geologlarynyň yhlasly gözlegleriniň netijesinde ýüze çykarylan, ýangyç serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz hem-de sebit üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar. "Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutany gutlagynda nebitgaz pudagynyň we geologiýa işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýandygyny belledi.