Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa we ýur­duň äh­li hal­ky­na Türk­me­nis­tan bi­len Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ gut­lag ha­tyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga, deň­hu­kuk­ly­ly­ga, ro­waç­ly­gyň we gül­läp ösü­şiň ýo­lun­da umu­my mak­sat­la­ra ýet­mä­ge esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­lap, onuň halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ser­dar Berdimuhamedow ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, bag­ty­ýar­lyk, Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň hal­ky­na bol­sa gül­läp ösüş, ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir