Los-Anjelesiň Ýokary kazyýeti Johnson & Johnson kompaniýasyny köp ýyllaryň dowamynda talk saklaýan çaga prisypkasyny ulanmagyň netijesinde ýumurtgalygyň rak keseline sezewar bolandygyny aýdan iki aýala 40 mln dollar tölemäge borçlandyrýan karary çykardy. Bu barada The Guardian gazeti ýazýar. Kazyýet kompaniýanyň öz prisypkasynyň saglyk üçin howply bolup biljekdiginden habarynyň bardygyny, ýöne sarp edijilere degişli duýduryşy bermändigini kesgitledi. Karara laýyklykda, zyýan çeken Monika Kent 18 mln dollar, Debora Şuls bolsa adamsy bilen 22 mln dollar alar. Birinjisinde «ýumurtgalygyň rak keseli» 2014-nji ýylda, ikinjisinde 2018-nji ýylda ýüze çykaryldy. Aýallaryň ikisi-de 40 ýylyň dowamynda Johnson & Johnson prisypkasyny ulanandygyny aýtdy. Johnson & Johnson-yň hukuk bölüminiň wise-prezidenti Erik Haas kompaniýanyň «bu karara garşy şikaýat arzasyny berjekdigini we şeýle ýagdaýlarda, adatça, bolýan ýeňşe bil baglaýandygyny» aýtdy. Zyýan çekenleriň aklawçysy Endi Birçfild ahyrky çekişmelerde kompaniýanyň önümiň rak keselini döredip biljekdigini 1960-njy ýyllardan bäri bilýändigini aýtdy. Johnson & Johnson-yň goragçysy Ellison Braun munuň bilen ylalaşmaýar. Ol talk bilen onkologiýa keselleriniň arasyndaky bolup biljek baglanyşygyň ABŞ-nyň saglygy goraýyş edaralarynyň hiç biri tarapyndan tassyklanmandygyny belleýär. Kompaniýa çaga prisypkasynyň we beýleki talk düzümli önümleriň ulanylmagyndan soň rak keseliniň ýüze çykarylandygy barada 67 müňden gowrak adamyň şikaýat arzasy bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2020-nji ýylda Johnson & Johnson ABŞ-da talk esasly çaga prisypkasyny satmagyny bes edip, ony mekgejöwen krahmalynyň esasyndaky önüm bilen çalyşdy.