BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynda bu halkara maslahatyň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy. SPECA maksatnamasy durnukly ulag ulgamyny döretmegi, söwdany ösdürmegi, Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün teribini durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi hasaplaýar. Bu ugurlar tehniki ugurlardygyna garamazdan, parahatçylygy döretmek, sebitiň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw üpjünçiligi, tehnologiýanyň gazanylanlary babatda özara tejribeleri alyşmak üçin binýady emele getirýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunabasary BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň degişli ugurlarda sebit döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi. Bellenilişi ýaly, bu düzüm sebit döwletleriniň öz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklary, abadan, durnukly ösýän we adalatly durmuş gurşawyny döretmek ugrundaky tagallaryna mundan beýläk-de ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir