Aşgabatda geçirilen Halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumda eden çykyşynda aýtdy. Tatýana Walowaýa şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň goldawy bilen Ženewada parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk meselelerine bagyşlanan duşuşygyň geçirilendigini ýatlady. Bu duşuşyk häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgesiniň aýratyn ähmiýetini, esasan-da dialogyň we ynanyşmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibi — şol bir wagtyň özünde düşünişmezlikleriň esasy sebäplerini çözmäge, parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ýol kartasydyr. – Şeýle şertlerde häzirki halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir – diýip, Tatýana Walowaýa sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň geografik ýerleşişi hem-de daşary syýasatda bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygy onuň Aziýa bilen Ýakyn Gündogary we beýleki sebitleri birleşdirýän aýratyn möhüm ynamly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir