Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Parahatçylyk we ynanyşmak halkara gatnaşyklary ilerletmekde, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde möhüm orun eýeleýär hem-de häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini özara düşünişmek we umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmek üçin mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmak we durmuş-ykdysady meseleleriň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiliginiň utgaşykly çäreleri görmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ekologik meseleler halkara jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlar bilen bu işe hemişe öz goşandyny goşýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüni jemledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir