Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda Halkara forumda çykyşynda aýtdy. – Şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejede ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki aýratyn ornuny tassyklaýar. Bu ýokary derejeli duşuşykda beýan ediljek garaýyşlaryň we teklipleriň XXI asyrda bitaraplygyň möhüm we oňyn ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýaryn – diýip, Prezident Kasym-Žormart Tokaýew belledi. Goňşy ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni we ruhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bu möhüm ýörelgäniň öz beýanyny tapýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak we adamkärçilik ýaly esasy gymmatlyklar türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. – Gazagystan bu möhüm karary goldady, çünki parahatçylyk we ynam biziň daşary syýasy strategiýamyzyň esasy binýadydyr. Biz parahatçylykly, deňagramly diplomatiýany alyp barýarys, netijeli dialoga ymtylýarys, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy hem-de durnukly ösüş üçin parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir