12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi. Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny görkezýän möhüm başlangyçdyr. "Üç ýyl mundan ozal Eýran Yslam Respublikasy bu başlangyjy buýsanç bilen goldap, hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edipdi. Bu gün hem biz parahatçylygy söýýän eýran halkynyň adyndan halkara we sebit derejesinde parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk tagallalaryny doly goldaýandygymyzy ýene bir gezek nygtaýarys", diýip Prezident Masud Pezeşkian aýtdy. Şeýle hem ol parahatçylygyň we ösüşiň diňe deňhukukly dialog, hyzmatdaşlyk, halkara hukugyna hormat goýmak arkaly mümkindigini belläp, bu forumyň umumy maksatlary ilerletmek hem-de sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üçin binýat döretjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir