Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň iň bir çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda aýtdy. “Türkiýe we Türkmenistan umumy taryhy bolan doganlyk ýurtlardyr. Türk we türkmen halklary bir kökden gaýdýan iki doganlyk halkdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe, şeýle hem onuň hemişelik Bitaraplygyny goldanlaryň ilkinjileriniň hataryndadyr” diýip, Ärdogan belledi. Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldamak bilen ähli ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürýär, raýdaşlygy pugtalandyrýar. Biz maýa goýum, söwda, energetika we beýleki ulgamlardaky tagallalarymyzyň üstüni berk ynsanperwer gatnaşyklary bilen ýetirýäris diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi we Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti öz çykyşynda halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri barada belläp geçdi.