Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Dabara Howa howplary boýunça maksatnamanyň biriniň müdiri Sergeý Makarow, geňeşdarlar – Amangül Öwezberdiýewa we Gülnar Mergenowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de ekologiýa edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçysy Ç.Babanyýazow GIZ-iň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny, ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we onuň mundan beýläk hem dowam etdirilmegine umyt baglaýandygyny nygtady. «Biz ýer serişdelerini durnukly dolandyrmaga we howa şertlerine durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz Merkezi Aziýanyň has durnukly geljegi üçin umumy jogapkärçiligi görkezýär» diýip, GIZ-iň Türkmenistandaky işiniň utgaşdyryjysy Ýoahim Fris aýtdy: Maksatnamalaryň ikisi hem sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde we Türkmenistanyň döwlet ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, ýer we suw serişdelerini ulanmakda utgaşykly çemeleşmeleri öňe sürmek, betbagtçylyk howpuny azaltmak, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk netijeli tejribeleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryny goldamakda özara baglanyşykly hereket edýär.