ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasy köp wagtdan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasyndan daşynda geçirilýär — 43-nji gezek geçirilýän bu forumy Özbegistanyň Samarkant şäheri kabul etdi. 29-njy oktýabrda konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO agza döwletleriniň milli komissiýalarynyň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi. Bu çärede Türkmenistana ÝUNESKO-nyň işler boýunça Türkmenistanyň Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstamowa wekilçilik etdi. Maslahata ÝUNESKO-nyň baş direktorlarynyň orunbasarlary, guramanyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem agza ýurtlaryň milli komissiýalarynyň jogapkär sekretarlary gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň birinji orunbasary Sin Çýu, ÝUNESKO-nyň Afrikada we daşarky gatnaşyklarynda iş alyp barýan baş direktorynyň orunbasary, şeýle hem Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň we Özbegistanyň sungat we medeniýeti ösdürmek gaznasynyň başlygy, Prezident adminstrasiýasynyň döredijilik ykdysadyýet we syýahatçylyk boýunça bölüm ýolbaşçysy Gaýane Umerowa çykyş etdiler. Maslahatyň gün tertibine dört mowzuklaýyn sessiýa girizildi. Olar ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewiligini berkitmek, sanly eýýamda medeniýetleriň birleşdirmek, durnukly syýahatçylygy we mirasy gorap saklamagy ösdürmek, şeýle hem milli komissiýalaryň gatnaşyklaryny we tejribe alyşmagyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanyldy. Maslahatyň üçünji sessiýasynyň çäginde Çynar Rüstamowa çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO boýunça Milli komissiýasynyň möhüm ugurlary barada gürrüň berdi we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna işjeň gatnaşmagynyň halklar arasyndaky özara düşünmegi güýçlendirýändigi we bilimde, ylymda, medeniýetde we kommunikasiýada umumy maksatlaryň öňe ilerlemegine goşant bolýandygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir