Türkmenistanda “Maliýe we ykdysady ulgamda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlügi” atly okuw gollanmasy çap edildi. Gollanmany Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy L. Saryýewa taýýarlady. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary şeýle hem ykdysady ugurda bilimini kämilleşdirmäge isleg bildirýän ähli okyjylar üçin niýetlenilen bu okuw gollanmada ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda giňden ulanylýan düşünjeler we adalgalar giňişleýin görnüşde beýan edilýär. Esasanda önümçilik, ykdysady nazaryýet, maliýe, mikroykdysadyýet we makroykdysadyýet boýunça esasy terminleriň manysy, mazmuny we biri-biri bilen baglanyşygy giňişleýin açylyp görkezilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir