Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow täze taslamany – merkezleşdirilmedik Cocoon hasaplaýyş toruny hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy 29-njy oktýabrda Dubaýdaky forumda geçirildi. Cocoon (“Kokon”) ady – bu Confidential Compute Open Network-dan (“Gizlin hasaplaýyş tory”) gysgaltmadyr. Taslama emeli aň işläp düzüjilerini we EA modellerini işletmek üçin hasaplaýyş güýçlerini hödürläp biljek grafiki prosessorlary bolan adamlary birleşdirer. Enjamlaryň ulanylyşy üçin töleg TON kriptowalýutasy arkaly amala aşyrylar. Durowyň aýtmagyna görä, Cocoon-yň esasy artykmaçlygy onuň merkezleşdirilmedik bolmagydyr. Ol soňky döwürde barha köp adamyň “sanly azatlygyny” ýitirýändigini, merkezleşdirilmedik ulgamyň döredilmeginiň bolsa ony saklamagyň ýeke-täk usulydygyny belledi. Taslamany 2025-nji ýylyň noýabrynda doly işe girizmek meýilleşdirilýär. RBK-nyň belleýşi ýaly, Durow köpçülikleýin çärelerde seýrek çykyş edýär. Adatça, ol bildirişleri öz Telegram kanaly arkaly aýdýar. Onuň köpçüligiň öňünde soňky çykyşy 2024-nji ýylda Token2049 kripto-maslahatynda boldy, bu ýerde ol TON blokçeýninde USDT-niň we Telegram-da tokenleşdirilen sowgatlaryň işe girizilendigini yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir