Hytaýda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän täzelenen Toyota Corolla Cross krossoweriniň satuwy başlandy. Täze modeliň bahasy 126 800–159 800 ýuan aralygynda (takmynan 17 800–22 500 dollar). Ýöne ýylyň ahyryna çenli ýörite teklip bar: krossoweriň 2,0 litrlik hereketlendirijili we wariatorly esasy wersiýasyny diňe 96 800 ýuana (takmynan 13 600 dollar) satyn alyp bolýar, diýip ITHome habar berýär. Täzelenen Corolla Cross iki görnüşde hödürlenýär: 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijili we elektromehaniki wariatorly gibrid. Gibrid wersiýasynyň ortaça ýangyç sarp edilişi 100 km-de 4,56 litr. Salon üçin 12,9 dýuýmlyk media ulgamy we 8,8 dýuýmlyk sanly gurallar paneli ornaşdyrylypdyr. Täzelenen model iki tony bezegi, 50 wattlyk simsiz smartfon zarýady we akylly ses dolandyryşy bilen gelýär. Ähli bezeg derejelerinde Toyota Pilot howpsuzlyk ulgamlary toplumy bardyr. Oňa awtomatiki tormoz tutuş, uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy, zolagy saklamak kömekçisi we EDSS gyssagly saklanyş ulgamy girýär.