Prezident Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Petr Pawele tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Çehiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Çehiýada Garaşsyzlyk güni milli baýram bolup, ol 1918-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Çehoslowakiýanyň Awstriýa-Wengriýa imperiýasyndan garaşsyzlygyny almagy mynasybetli bellenilip geçilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir