Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy C5+1 sammitine gatnaşmak üçin çagyrdy. Çakylygyň teksti metbugatda çap edildi. "Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn. Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýlip, hatda aýdylýar.