Irlandiýa Respublikasynyň prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli ýeňiji boldy diýip, Reuters habar berýär. Ol saýlawçylaryň 63,4% sesini toplady. Ikinji orny 29,5% ses bilen ýurduň öňki premýer-ministri, sagçy “Fine Gael” partiýasynyň wekili Heýzer Hamfris eýeledi. Agentligiň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň takmynan 13%-i ses býulletenleri zaýaladylar. Bu ýagdaý saýlawlaryň esasy tapgyryna geçip bilmedik konserwatiw syýasatçylaryň öňünden çagyryş eden çykyşynyň netijesi boldy. Netijeler yglan edilenden soň, Ketrin Konnolli çykyş etdi: «Men diňlemegi, pikirlenmegi we zerur mahaly gürrüň etmegi başarýan prezident bolaryn. Men parahatçylygyň sesine öwrülerin — bu ses biziň bitaraplyk syýasatymyza daýanar» diýip, RTE onuň sözlerini getirýär. 68 ýaşly Ketrin Konnolli syýasy taýdan aşa çepçi ugruň wekili hasaplanýar. Ol 2016-njy ýylda ilkinji gezek Irlandiýanyň parlamentiniň agzasy bolup saýlanypdy. Täze saýlanan Prezident Konnolli, 2011-nji ýyldan bäri bu wezipede işlän Maýkl D.Higginsiň ornuny tutar. Ol Irlandiýanyň 10-njy prezidenti we bu wezipäni eýeleýän üçünji zenan bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir