Gök çaý artykmaç agram we süýji keseli (diýabet) bilen göreşmekde peýdaly bolup biler. Braziliýanyň «Kruzeýru-du-Sul» uniwersitetinden professor Rozmari Ottonyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary şeýle netijä geldi. Alymlar ýokary kaloriýaly, “fastfud” görnüşli iýmit bilen iýmitlendirilen syçanlarda tejribe geçirdiler. Iýmitine gök çaýyň ekstrakty goşulan haýwanlar agramyny azaltdy we şekeri has gowy özleşdirdi. Içginiň düzümindäki maddalar semizlik wagtynda ýüze çykýan myşsa süňňüleriniň bozulmagynyň öňüni alýar we glýukozanyň energiýa öwrülmegini işjeňleşdirýär diýip, barlagyň awtorlary belleýärler. Alymlar şeýle hem gök çaýyň bedendäki metabolizm — ýagny, maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýan genleriň işini güýçlendirýändigini anykladylar. Hünärmenleriň pikiriçe, içginiň iň möhüm peýdasy onuň düzümindäki adi­ponektin atly belok bilen baglanyşyklydyr — bu belok organizmdäki ýangyny (inflammasiýany) peseldýär we metabolizmi kadalaşdyrmaga kömek edýär. Barlagyň netijeleri Cell Biochemistry & Function atly ylmy žurnalda neşir edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir