24-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýanku bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilien duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Diplomatlar syýasy dialogy ösdürmegiň we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar. Taraplar ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar we bu ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem taraplar Rumyniýada ýaşaýan we okaýan Türkmenistanyň raýatlaryna degişli konsullyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir