27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelere iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Geňeşmeleriň barşynda häzirki zaman ählumumy we sebitleýin howplar, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar babatyndaky garaýyşlar alşyldy. Gepleşiklere gatnaşyjylar howpsuzlyk we täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky ikitaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki howpsuzlyk we täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar. Öňdebaryjy tejribäni umumylaşdyrmagyň we seljermegiň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň maglumat howpsuzlygy babatynda ygtyýarly edaralarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigine üns çekildi. Degişli ugurda daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de özara goldaw bermäge bolan meýil tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir