Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi. Ol 4,3 kilometrlik bolan 71 aýlawy 1 sagat 37 minut 58,574 sekuntda tamamlady. Norris 357 utuk toplap, ilkinji gezek umumy şahsy hasapda birinji orna çykdy. Ikinji orunda «Ferrari» toparynyň sürüjisi Şarl Lekler 30,3 sekunt yza galyp ýerleşdi. Üçünji orny «Red Bull» toparynyň häzirki çempiony Maks Werstappen eýeledi — ol Leklerden bary-ýogy 0,7 sekunt yza galdy. Norrisiň çempionlyk ugrunda esasy garşydaşy bolan «McLaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri bolsa ýaryşy diňe bäşinji ýerde tamamlady. Lýuis Hemilton ýoluň çäklerinden çykyp artykmaçlyk alany üçin 10 sekuntlyk jerime aldy. Netijede ol umumy hasapda sekizinji bolup galdy. Indiki tapgyr — Braziliýa Gran-prisi — 9-njy noýabrda geçiriler. Meksika Gran-prisinden soň şahsy hasapdaky ilkinji bäşlik: Lando Norris (Beýik Britaniýa) — 357 utuk Oskar Piastri (Awstraliýa) — 356 Maks Werstappen (Niderlandlar) — 321 Jorj Rassel (Beýik Britaniýa) — 258 Şarl Lekler (Monako) — 210 Konstruktorlar kubogynda ýagdaý şeýle: McLaren — 713 (ýeňşi möhletinden öň kepillendirdi) Ferrari — 356 Mercedes — 355 Red Bull Racing — 346 Williams — 111

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir