Repçi Post Malone tarapyndan döredilen Austin Post brendi The Permanent Collection ady bilen ilkinji egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Onuň görkezilişi Pariždäki Moda hepdeliginde geçdi diýip, Hypebeast habar berýär. Ýygynda esasy we ýörgünli eşikler – jinsler, köýnekçeler, üstki eşik, ýapon twilinden, flisden we jersiden tikilen modeller girdi. Ähli önümler Austin Post-yň resmi saýtynda satyn almak üçin elýeterli. Mahabatyň düşürilişi Ýuta we Waýoming ştatlarynyň serhedinde geçirildi. Oňa sazandanyň ýakyn dostlary gatnaşdy. Şeýle-de, olar kolleksiýanyň ilkinji görkezilişinde münbere çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir