Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr. Kompaniýanyň bellemegine görä, MAI-Image-1 tizligi, takyklygy we realistik görnüşi bilen tapawutlanýar. Işläp taýýarlama döwründe dizaýnerleriň we suratkeşleriň pikirleri hem göz öňünde tutulyp, gaýtalanýan ýa-da birmeňzeş netijelerden gaça duruldy. Model eýýäm LMArena reýtinginde dokuzynjy orny eýeledi. Şekil hil babatda ol OpenAI (ChatGPT) we Google (Gemini) modellerinden birneme pes bolsa-da, durnukly öndürijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Microsoft MAI-Image-1-niň işini görkezmek üçin birnäçe mysal paýlaşdy, şolaryň biri — Kaliforniýanyň ýer guşunyň şekili boldy. Ýakyn wagtda bu model Microsoft ekoulgamynyň bir bölegine öwrülip, Copilot kömekçisine we Bing gözleg ulgamyna goşular. Täze generator, Microsoft-yň MAI-Voice-1 ses guralynyň we MAI-1-preview çat-botunyň dowamy bolup, kompaniýanyň OpenAI bilen gatnaşyklary kynlaşan şertlerinde öz emeli aň ulgamlaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bir bölegi hökmünde garalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir