Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi. Ol Saldananyň zehininiň, gözelliginiň we näzikliginiň kompaniýada elmydama seslenme döredendigini we täze derejäniň aktrisanyň söwda brendi bilen köp ýyllyk gatnaşyklarynyň nobatdaky tapgyryny açýandygyny belledi. Zoi Saldana “Awatardaky” we “Galaktikanyň goragçylaryndaky” ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýar. 2025-nji ýylda aktrisa “Emiliýa Peres” filmindäki keşbi üçin ikinji plandaky iň oňat zenan keşbi diýen ugurda “Oskar” baýragyny aldy. Ol hersi 2 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan dört filmde baş keşbi janlandyran dünýäde ýeke-täk aktrisadyr. Aktrisa köpden bäri Cartier-iň muşdagy bolup, möhüm çäreler üçin birnäçe gezek brendiň önümlerini saýlady. Mysal üçin, “Oskar 2025” dabarasynda ol monjukdan egne atylýan bezege öwrülip bilýän, seýrek 10.1 karatlyk Zambiýa zümerretli Pantheres Versatiles şaý-sepinde peýda boldy. “Altyn globus - 2025-da” Saldana şol kolleksiýadan Melis kolýesini dakdy. Iň täsir galdyryjy görnüşleriniň biri, 2023-nji ýyldaky “Oskar” gowşurylyş dabarasyndan soň geçirilen Vanity Fair oturylyşyk agşamynda ýörite özi üçin döredilen 150 sany göwherli we oniks şelpeli altyn zynjyrdan ýasalan Cartier ýapynjasynda peýda bolmagy bolupdy. Saldana indi brendiň Jemma Çan, Jisu (Blackpink), Timoti Şalame we Rami Malek ýaly ýüzlerine goşuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir