Apple kompaniýasynyň iPhone Fold atly ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň sentýabrynda çykar we onuň bahasy 1999 dollar bolar. Bu barada JPMorgan-yň içerki hatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. Analitikler geljekki iPhone 17 hatarynyň ultra-inçe iPhone 17 Air modeliniň peýda boljakdygyna garamazdan, ulanyjylarda uly gyzyklanma döretmejekdigini çaklaýar. Olaryň pikiriçe, uly isleg geljek ýylyň sentýabrynda, kupertinoly kompaniýa iPhone 18 hataryny hödürlände ýüze çykar. Çünki, bu hatar bilen birlikde kompaniýa özüniň ilkinji eplenýän iPhone Fold smartfonyny görkezer. JPMorgan iPhone Fold-yň çykmagynyň çeýe eplenýän smartfonlaryň segmentine düýpli täsir edip biljekdigini belleýär. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda Apple şeýle gurluşlardan birnäçe million satyp biler, 2028-nji ýylda bolsa satuw 45 mln smartfona ýetip biler. Bilermenler Apple-iň eplenýän gurluşlaryň segmentine güýçli itergi bermegine garaşýar. Häzir bu bazarda, esasan, Samsung, Google, Huawei, Honor we OnePlus ýaly kompaniýalaryň Android smartfonlary hödürlenýär. KHBS-e görä, Apple içki ekrany 7,8 dýuým we daşky ekrany 5,5 dýuým bolan gajeti taýýarlaýar. Ol A20 Pro çipsetinde işlär we çeýe ekranlar üçin optimizirlenen iOS 27 operasion ulgamyna eýe bolar. Şeýle-de, kompaniýa ýygnalan görnüşde smartfonyň korpusynyň mümkin boldugyndan inçe bolmagyny üpjün etmäge we epinsiz tekiz ekrany gazanmaga çalyşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir