Tim Býorton “Uensdeý” düşürilenden soň ýene bir taslamanyň üstünde Ledi Gaga bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini habar berdi. Bu barada NME neşiri ýazýar. Giffonidäki kinofestiwalda režissýor “Uensdeýiň” ikinji möwsüminiň ilkinji dört bölümi görkezilmezden ozal tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berdi. Ledi Gaga bilen hyzmatdaşlyk baradaky soraga jogap bermek bilen, Býorton onuň zehinine haýran galýandygyny we täze bilelikdäki taslamanyň taýýarlanýandygyny aýtdy. Ýöne režissýor bu barada giňişleýin maglumat bermedi. Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsüminde gara jadygöýligiň mugallymy Rozalin Rotwudyň keşbinde peýda bolar. Möwsümiň birinji bölüminiň premýerasy 6-njy awgusta meýilleşdirilýär, ikinjisi 3-nji sentýabrda çykar. “Uensdeý” Netflix-iň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serialdyr. Ozal biz akym hyzmatynyň bu serialy üçünji möwsüme uzaldandygyny habar berdik. Mundan başga-da, spin-off döretmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar. Geljekki taslamalar barada giňişleýin maglumatlar ýok.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir