Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 300 müň sany demir-beton şpallaryny we 100 toplum geçiriji pürsleri öndürmäge niýetlenen täze zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2025-nji ýylyň 29-njy awgustyna çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-46-77 +993 12 44-46-64 Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy