Eýran Yslam Respublikasynyň milli demir ýol kompaniýasy (RAJA) ýurduň Maşat şäherinden Türkmenistanyň Mary şäherine çenli täze halkara ýolagçy ugruny açmagy meýilleşdirýändigi barada kompaniýanyň baş direktory Jabbar Ali Zakeri mälim etdi. Bu barada “Mehr News” ýekşenbe güni habar berdi. Jabbar Ali Zakeri täze halkara demir ýol ugry Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Ugur doly işe girizilenden soň, eýran ýolagçylaryna Özbegistan bilen Täjigistana gitmäge has amatly mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem, kompaniýa Tähran — Ankara göni demir ýol gatnawyny ýola goýmaga taýýarlanýar, bu ugur boýunça ilkinji ýolagçy otlularyň iki aýyň dowamynda gatnap başlamagyna garaşylýar. Täze ugur häzirki wagtda hereket edýän Tähran — Wan ýolagçy gatnawynyň üstüni ýetirer. Mundan başga-da, “RAJA” kompaniýasy Tähran we Meşhed şäherlerini Owganystanyň Hyrat şäheri bilen baglanyşdyrýan ýolagçy otly gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Jabbar Ali Zakeri bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Eýranyň ýolagçy gatnaw mümkinçiliklerini giňelder hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny has-da berkider diýip belleýär. Şeýle hem Eýranyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän Sarahs demir ýol terminalynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi bellenilip geçilýär. Bu terminal sebitde logistika mümkinçilikleriniň ösüşine uly itergi berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir