ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy. Näsag 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri kömekçi enjamlar bilen ýaşaýardy. 2025-nji ýylyň martynda hirurglar oňa robotdan peýdalanyp ýürek oturtdylar. Bu robot el bilen — joýstik we pedal arkaly dolandyrylýar. Adaty operasiýada bolşy ýaly, döş süňküni kesmegiň deregine, hirurgiýa garnyň aşagyndaky ownuk kesilme arkaly amala aşyryldy. Ulgam ýokary takyklyk üçin 3D kamera bilen enjamlaşdyryldy. Operasiýadan bir aý soň näsag öýüne çykaryldy we fiziki işjeňligine gaýdyp geldi. Operasiýany geçiren baş hirurg Kennet Liaonyň aýtmagyna görä, robotlaşdyrylan usul "döş boşlugynyň bitewiligini saklaýar, ýokuşma howpuny azaldýar we sagalmagy çaltlaşdyrýar". Bu operasiýa ABŞ-da ilkinji gezek geçirildi. 2024-nji ýylda şeýle usul Saud Arabystanynda 16 ýaşly ýetginjege ýürek oturtmak üçin ulanylypdy. Täze çemeleşme robototehnikanyň takyklygyny häzirki zaman lukmançylygynyň iň çylşyrymly amallarynyň biri bilen birleşdirip, kardiologiýa hirurgiýasynyň ösüşinde möhüm ädim bolup biler.