17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ikinji sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Astana şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. «The St. Regis Astana» myhmanhanasynda guralan duşuşykda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Şunda geçen döwrüň dowamynda bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigi bellenildi. Bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Dostlukly döwletiň Lideri hem, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentini Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine we beýleki halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi mälim edildi.