16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şaly ekişi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam etdirilýär. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir